Gaýduwsyza has bolan gylyk-häsiýet, gaýduwsyz bolmaklyk, hiç zatdan gaýtmazaklyk, okgunlylyk.
Onuň ertekileriniň we hekaýalarynyň içinde batyrçylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk, wepalylyk häsiýetde bolan gahrymanlar diňçileriň dykgatyny özüne çekýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Munuň hem üstesine onuň hemişe ýüzüniň agyrlygy, gaýduwsyzlygy we duzly dili biziň ýaş akyllarymyza güýçli täsir edýärdi. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gaýduwsyzlyk - gaýduwsyzlygy.