güwwüldi

Maşyn, mehanizm we ş. m. hereket edende, top atylanda eşidilýän, çykýan ses.

  • Onun güwwüldisi ses-üýn alyşdyrar ýaly bolmady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Tüsse, duman, güwwüldiler içinde, Edermen polk barha ymtylýar öňe. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Edil öňki ýaly güýçli we gorkunç täze bir güwwüldi eşidildi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  • Uzakdan gelýän maşynyň güwwüldisi eşidilip başlady.


Duş gelýän formalary
  • güwwüldem
  • güwwüldidi
  • güwwüldiler
  • güwwüldileri
  • güwwüldileriň
  • güwwüldili
  • güwwüldini
  • güwwüldiniň
  • güwwüldisi
  • güwwüldisinden
  • güwwüldisine
  • güwwüldisini
  • güwwüldisiniň
  • güwwüldä