güwä gü‧wä

seret şaýat

  • Ynha-da şaýadym! -- diýip, Annalyny güwä tutundym. (N. Pomma, Egri eýikmez)

  • Mal-Dünýa, hemme sany tükel bar, onsoň bularyň sözüne güwä boldy-da duruberdi. («Görogly» eposy)

  • Şol güwä bolaýmadyk bolsa, siz maňa ynanmazdyňyz. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

güwä geçmek

Şaýat bolmak, şaýatlyk etmek.


Duş gelýän formalary
  • güwäler
  • güwäleri
  • güwäleriniň
  • güwäliginden
  • güwäligini
  • güwälik
  • güwäsi
  • güwäsidir
  • güwäň