gürrüň at

Pikir alyşmak üçin sözlenilýän söz, gepleşik.

  • Jumanyň gürrüňini pionerleriň hemmesi örän ünsli diňlediler. («Bahar»)

  • Maňa bagbançylyk hakda gaty gyzykly gürrüň edip berdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Begenjiň janygyp edýän gürrüňine Aýsoltan ynamsyz ýylgyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ep-esli wagt dürli temalarda gürrüň etdiler. («Tokmak» žurnaly)

  • Gürrüň süýji, samança ýok güýji. (nakyl)

gürrüň açmak

Bir mesele barada gürrüň edip başlamak, söz açmak.

  • Şu ýakynda bolup geçen ýygnakda, Gürrüň açdy Baýram möhüm zat hakda. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Sözüň ebeteýini tapman duran Artyga küýzäniň togalanmagy gürrüň açmaga bahana boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gürrüň bermek

Bir zat hakynda birini habarly etmek, birine habar bermek, hekaýa etmek.

gürrüň çykmak

Bir zat barasynda gürrüň ýaýramak.

  • Indi obada batrak, baý diýen gürrüň çykypdyr. («Zähmet gahrymanlary»)

gürrüňe gyzmak

Edilýän gürrüňe pugta girişmek, gürrüňe keýpiň göterilmek.

  • Gürrüňe kellesi gyzyp, seniň höwes edip diňleýäniňi bileýse welin, onda ol has janygyp gürrüň edýärdi.

gürrüňi başga tarapa sowmak

Edilýän gürrüňi gyşartmak, tersine öwürmek.

ýylmanak gürrüň

Hoşamaý gürrüň, mylaýym gürrüň.


Duş gelýän formalary
  • gürrüň-de
  • gürrüňde
  • gürrüňdedigine
  • gürrüňden
  • gürrüňdenem
  • gürrüňdi
  • gürrüňdir
  • gürrüňdäki
  • gürrüňe
  • gürrüňem
  • gürrüňi
  • gürrüňi-de
  • gürrüňidi
  • gürrüňidir
  • gürrüňim
  • gürrüňimden
  • gürrüňime
  • gürrüňimem
  • gürrüňimi
  • gürrüňimiz
  • gürrüňimizde
  • gürrüňimize
  • gürrüňimizi
  • gürrüňimiziň
  • gürrüňimiň
  • gürrüňin
  • gürrüňinde
  • gürrüňinden
  • gürrüňindenem
  • gürrüňindäki
  • gürrüňine
  • gürrüňinem
  • gürrüňini
  • gürrüňini-de
  • gürrüňiniň
  • gürrüňiň
  • gürrüňiňden
  • gürrüňiňe
  • gürrüňiňem
  • gürrüňiňi
  • gürrüňiňiz
  • gürrüňiňize
  • gürrüňiňizi
  • gürrüňiňiziň
  • gürrüňler
  • gürrüňler-de
  • gürrüňlerde
  • gürrüňlerden
  • gürrüňlerdi
  • gürrüňlerdir
  • gürrüňlere
  • gürrüňlerem
  • gürrüňleri
  • gürrüňleri-de
  • gürrüňlerim
  • gürrüňlerimden
  • gürrüňlerimi
  • gürrüňlerimiz
  • gürrüňlerimizi
  • gürrüňlerimiziň
  • gürrüňlerimiň
  • gürrüňlerinde
  • gürrüňlerindedi
  • gürrüňlerinden
  • gürrüňlerine
  • gürrüňlerini
  • gürrüňleriniň
  • gürrüňleriniňem
  • gürrüňleriň
  • gürrüňleriňden
  • gürrüňleriňi
  • gürrüňleriňize
  • gürrüňleriňizem
  • gürrüňleriňizi
  • gürrüňlermikä
  • gürrüňli
  • gürrüňligi
  • gürrüňligine
  • gürrüňmi
  • gürrüňsiz
  • gürrüňsizdi
  • gürrüňsizdir
  • gürrüňsizidir