Gürrüň etmek, söz sözlemek, geplemek.
Häkim kel köp gürledi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ölen-ýiten bolmadyk bolsa ýagşy -- diýip, sorag hökmünde gürledi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Käselerde çaý süzüşip ikisi gülüşip, oýnaşyp, gürläp otyrlar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Gürrüldili ses etmek, arlamak (ýolbars, gaplaň we ş. m. hakda).
Gaplaň gürler gaýasynda, Jeren gezer saýasynda. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)
Ol yzly-yzyna ýyldyrym çakyp, üznüksiz gök gürleýenini hem şaglap çabga ýagýanyny aňlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Gök gürläp, ýyldyrym çakyp, ýagyş ýagmaga başlady.