gündizlik gün‧diz‧lik

[gündi:zlik]

Günüň çykyp duran wagty, gündiz çagy.

  • Ýagty syralar haly bilen bezelen tamy gündizlige aýlandyrýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Içi bezegli giň otag, içi gündizlik ýaly. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gündizlik - gündizligi.


Duş gelýän formalary
  • gündizlige
  • gündizligem
  • gündizligi
  • gündizligiň
  • gündizlikde
  • gündizlikdäki