Dine uýýan adamlaryň düşünjesine görä: şerigatyň düzgünini bozmaklyk.
Ýalňyşlyk, nädogrulyk bilen edilen hereket, ýazyk, etmiş.
Ýoldaş Akmemmedow, bu ýerde meniň günäm näme? -- diýip, ol sesini saňňyldadyp geplemek bilen ähli gynanjyny ýüze çykardy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Boýnuna günä atmak, günä ýöňkemek.
Eden günäň bagyş edilmek, günäň geçilmek.
Günäsini, eden etmişini bagyşlamak, ötmek.
Boýdaş jan, meniň günämi geç! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
seret günäsini geçmek günäsini geçmek
Bar, günäňi ötdüm. («Görogly» eposy)