güýçli sypat

  1. Güýji köp bolan, kuwwatly, zor.

    • Görogly iner dek güýçlüdi. («Görogly» eposy)

  2. Zarply, batly.

    • Howa naçe ýakymly, mylaýym bolsa-da, bir görseň ýyldyrym çakyp, gök gübürdap, güýçli çabga ýagyp dur. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Güýçli elin gamyş öýi dumly-duşa dagadyşy ýaly, olar-da pytrap gidipdirler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem güýçli - güýçlüde, güýçlüler, güýçlüsi.


Duş gelýän formalary
  • güýçlimi
  • güýçlini
  • güýçliniň
  • güýçlä
  • güýçlüden
  • güýçlüdi
  • güýçlüdigi
  • güýçlüdigine
  • güýçlüdigini
  • güýçlüdir
  • güýçlüdirem
  • güýçlüler
  • güýçlülerde
  • güýçlülerden
  • güýçlülere
  • güýçlüleri
  • güýçlüleridi
  • güýçlülerinden
  • güýçlülerine
  • güýçlülerini
  • güýçlüleriniň
  • güýçlüleriň
  • güýçlüligi
  • güýçlüliginden
  • güýçlüliginiň
  • güýçlüligiň
  • güýçlülik
  • güýçlülikde
  • güýçlümi
  • güýçlümiş
  • güýçlüräk
  • güýçlüsi
  • güýçlüsini
  • güýçlüsiniň