gözýetim göz‧ýe‧tim

  1. Gözüň görýän, saýgarýan, ýetýän aralygy.

    • Günüň kümüş nury bütin gözýetime bolluk bilen dökülýardi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bütin meýdan eliň aýasy ýaly tekiz, gözýetimi dolduryp ýazylyp ýatyr. («Kolhoz günleri»)

  2. Adamyň bilim derejesi, düşünje.

    • Ol dünýäniň köp ýerlerini aýlanyp görmegi, öz gözýetimini giňeltmegi arzuw edipdir. (Edebiýat)


Duş gelýän formalary
  • gözýetimde
  • gözýetimden
  • gözýetimdäki
  • gözýetime
  • gözýetimem
  • gözýetimi
  • gözýetimim
  • gözýetimimde
  • gözýetiminde
  • gözýetiminden
  • gözýetimine
  • gözýetimini
  • gözýetiminiň
  • gözýetimiň
  • gözýetimiňi
  • gözýetimler
  • gözýetimlere
  • gözýetimleri
  • gözýetimlerinde
  • gözýetimlerini
  • gözýetimleriniň
  • gözýetimleriň
  • gözýetimli
  • gözýetimligi