göwher göw‧her

Bezeg üçin ulanylýan gymmat baha daş, dür.

  • Samandan saýlanylan Göwher ýaly ýylpyldaýan mele bugdaýa seretdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Bedew-jul içinde, göwher-kül. (nakyl)

  • Itiň boýnuna göwher daksaň, it hem aglar, göwher hem. (nakyl)


Duş gelýän formalary
  • göwherden
  • göwherdigini
  • göwhere
  • göwherem
  • göwheri
  • göwheridir
  • göwherim
  • göwherimi
  • göwherimiziň
  • göwherine
  • göwherini
  • göwheriň
  • göwheriňem
  • göwherlerden
  • göwherlerini
  • göwherleriniň
  • göwherleriň
  • göwherli