göwüsbent gö‧wüs‧bent

Bezeg üçin atyň göwsüne dakylýan ýüzi kümüşli ýasy gaýyş.

  • Köýnekçäniň gotazlary sagrysyndan dökülip duran Meleguşa bazbendi goşa ýumruk ýaly ini dört barmak göwüsbent dakypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem göwüsbent - göwüsbendi.