göwüs gö‧wüs

  1. Kükrek, döş, gursak.

    • Maňlaýy sakar ol atyň göwsi ilerik omzamak bilen, iki öň aýagynyň arasyndan possunly sümäýmelidi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Aýal maşgalanyň süýt inýän mäzi, emjek, mäme.

    • Ol iki goluny sallap, messan basyp ýäräp gelýärkä, onuň ýalpyldawuk gara saçlary iki göwsüniň üstünde oýnap, biri-birine owsun atýar. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Öz göwsüniň ak süýdüni emdiren seniň ýaşaýşyňa garşydyr öýdýärmiň? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem göwüs - göwsüm, göwsüň, göwsi.


Duş gelýän formalary
  • göwse
  • göwsi
  • göwsüm
  • göwsümde
  • göwsümden
  • göwsümi
  • göwsün
  • göwsünde
  • göwsünden
  • göwsüne
  • göwsüni
  • göwsüniň
  • göwsüň
  • göwsüňde
  • göwsüňden
  • göwsüňe
  • göwsüňi
  • göwüsde
  • göwüsden
  • göwüsler
  • göwüslere
  • göwüsleri
  • göwüsleridi
  • göwüslerinden
  • göwüslerine
  • göwüslerini
  • göwüsleriniň
  • göwüsleriň
  • göwüsli
  • göwüsligini
  • göwüslik