Işi we ş. m. ýerine ýetirmek üçin berilýän tabşyryk, salgy berilýän ugur.
Sen şondan soň ne-hä geldiň, ne-de öwüt-ündew üçin listonkalar, görkezmeler aldyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Pökgeniň agronomyň görkezmelerini tutmaýan ýerleri bolýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ýuridik termin Sülçi soragynda berilýän jogap, maglumat.
Ol soragda hem başga hiç hili görkezme bermedi.
Günäkäriň ýazuw üsti bilen berýän görkezmesi.