[gö:ri:plik]
seret göripçilik
Göriplik gurasyn, göriplik! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň pis häsiýetleriniň bärkisi göriplik-bahyllykdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Sen maňa göriplik edýärsiň, göriplik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem göriplik - göripligi.