[gö:ri:pçilik]
Göribe degişli bolan gylyk-häsiýet, bahylçylyk, içigaraçylyk, göriplik.
Adamlarda göripçilik diýen zat bar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Eliniň içigaraçylyk, göripçilik häsiýeti şeýle güýçlüdi, ondaky hemme häsiýetlerden iň ýokary derejede durýardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Bagtymyň açylanyna göripçilik etmäň, sowluň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem göripçilik - göripçiligi.