görgi gör‧gi

Çekilýän horluk, dert, jebir, jepa, kynçylyk.

  • Ony zyndana salyp, her hili görgüller bilen gynaýar. («Görogly» eposy)

  • Böwregi bir ogry garga, iýjek bolup, galdy görgä. (Nury Annagylyç, Goşgular)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem görgi - görgüde, görgüler, görgüsi.

görgi görmek

Azar ýamanyny görmek, horluk, azap çekmek, jepa çekmek.

  • Öýüň görgüsini görmek kemini goýmadyň. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Seni görjek bolup, görgi baryny hem gördüm. (A. Gowsudow, Mähri-Wepa)

  • Gargyş siňenler, biziň dünýäde görmedik görgimizi görkezdiler. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • görgim
  • görgimiň
  • görgini
  • görgiň
  • görgä
  • görgüde
  • görgüden
  • görgüdenem
  • görgüdir
  • görgülem
  • görgüler
  • görgülerden
  • görgülere
  • görgülerem
  • görgüleri
  • görgülerim
  • görgülerimi
  • görgülerimiz
  • görgülerimizi
  • görgülerimiň
  • görgülerinden
  • görgülerine
  • görgülerini
  • görgüleriniň
  • görgüleriň
  • görgüli
  • görgülik
  • görgülikdi
  • görgüliler
  • görgülilere
  • görgülileri
  • görgülileriň
  • görgülilik
  • görgülini
  • görgüliniň
  • görgüliň
  • görgüsi
  • görgüsine
  • görgüsini
  • görgüsiz