göreç gö‧reç

Gözüň ortasyndaky garaja bölegi.

  • Tärimiň kökleri onuň görejine gülle bolup gezeldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Diýer Pomma, meniň geregim Watan, Gözümiň göreji ýüregim Watan. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  • Älemgoşar bardajygynyň ortasynda tegelek deşik göreç bolýar. (A. N. Kabanow, Adamyň anatomiýasy we fiziologiýasy)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem göreç - göreji.


Duş gelýän formalary
  • göreje
  • göreji
  • görejimde
  • görejimiz
  • görejimizi
  • görejimiň
  • görejinde
  • görejinden
  • görejindäki
  • görejine
  • görejini
  • görejiniň
  • görejiň
  • görejiňde
  • görejiňden
  • görejiňe
  • görejiňi
  • görejiňiz
  • göreçden
  • göreçler
  • göreçlerde
  • göreçlerdäki
  • göreçleri
  • göreçlerimde
  • göreçlerinde
  • göreçlerine
  • göreçlerini
  • göreçleriniň
  • göreçleriň
  • göreçleriňde
  • göreçleriňe
  • göreçleriňi
  • göreçli