Göze ilmek, göz öňünde peýda bolmak.
Gözlerinde bulduraşýan ýaş damjalary görünýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ýap boýlarynyň her ýerinde bir düýp tut, uzakdan bolsa hellewläp erik agaçlary görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Bir ýere käte-käte barmak, kämahal barmak, az barmak.
Sen bu günler görünmeýärsiň-le! Men-ä görünýän weli, seni köp göremok.
Çagyrylmadyk ýerde görünmek.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem görünmek - görner, görnüpdir.