görüşmek gö‧rüş‧mek işlik

  1. Ýüzbe-ýüz bolmak, biri-biriňi görmek, duşuşmak.

    • Şu käsäni götereliň, bize biri-birimiz bilen elmydama oýalykda görüşmek nesip etsin! -- diýdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Altyn jan, men seniň bilen uzak gürrüňleşip hem bilmedim, ýene-de ikimiz görüşeli bolarys -- diýip, atyny sürüp gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Elleşip salamlaşmak.

    • Sary onuň bilen gadyrly görüşse-de, ilki bada ony tanamady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Aman poşçy otaga girdi-de, salam berdi we görüşmek üçin elini uzatdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Bir zat hakda birini görmäge kömek etmek, görmäge kömekleşmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem görüşmek - görşer, görşüpdir.


Duş gelýän formalary
  • görüşdi
  • görüşdi-de
  • görüşdik
  • görüşdiler
  • görüşdim
  • görüşdiňmi
  • görüşgin
  • görüşjegi
  • görüşjek
  • görüşjekdiklerini
  • görüşleri
  • görüşleridi
  • görüşleriniň
  • görüşleriň
  • görüşlik
  • görüşme
  • görüşmedik
  • görüşmegi
  • görüşmegine
  • görüşmek
  • görüşmekden
  • görüşmekdi
  • görüşmekçi
  • görüşmeli
  • görüşmelidigini
  • görüşmese
  • görüşmesek
  • görüşmeseň
  • görüşmesi
  • görüşmezden
  • görüşmezlik
  • görüşmeýän
  • görüşmäge
  • görüşmän
  • görüşmändiler
  • görüşmäniň
  • görüşse
  • görüşse-de
  • görüşsek
  • görüşýän
  • görüşýänime
  • görüşýär
  • görüşýärdi
  • görüşýärler
  • görşeli
  • görşeliň
  • görşen
  • görşende
  • görşenden
  • görşenimde
  • görşenimizden
  • görşenini
  • görşeniniň
  • görşeniňden
  • görşenlerinde
  • görşensoň
  • görşer
  • görşerin
  • görşeris
  • görşerli
  • görşersiň
  • görşübem
  • görşüp
  • görşüpdir
  • görşüň