Egri däl, ok ýaly, dogry.
Köçeleri hem giň we edil oklaw ýaly gönüdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Edil, hut, tüýs.
Bir ugra, tarapa gyşarman gidýän, alyp barýan, dogry.
Açyk, ýaşyrman, dogry.
Göni ýüzüne aýtmak.
Ýüz görmeýän, ak ýürekli, dogry işleýän, dogruçyl.
Ol göni adam.
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem göni - gönüde, gönüler, gönüsi.
seret saýlaw
Hakykaty bolşy ýaly aýtmak, dogrusyny aýtmak.
Kömür ýaly sakgalynyň arasyny dyrmap oturan Babahan arçyn gönüsinden geldi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)