gömülmek gö‧mül‧mek işlik

Gum, gor we ş. m. bilen basyrylmak, örtülmek.

  • Ýüzleri tozan bilen gömlen, aňyny gideren ilat ýerli-ýerden onuň ýüzüne üşerilýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Hapanyň üsti gömüldi.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem gömülmek - gömler, gömlüpdir.

göbegiň gömlen ýeri

seret göbek


Duş gelýän formalary
  • gömlen
  • gömlende
  • gömlendigi
  • gömlendigine
  • gömlendigini
  • gömlenini
  • gömleniň
  • gömlüp
  • gömlüpdir
  • gömlüpmi
  • gömüldi
  • gömüldiler
  • gömüljekdigi
  • gömülmegi
  • gömülmegine
  • gömülmeginiň
  • gömülmek
  • gömülmesi
  • gömülmesini
  • gömülmesiniň
  • gömülmeýär
  • gömülmäge
  • gömülmän
  • gömülýän
  • gömülýär
  • gömülýärmi