[gö:k]
Asmanyň goýy reňkine, deňiz reňkine meňzeş reňk.
Gök gowaça parahat deňiz ýaly öwüşgin berýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gök mata.
Doly bişmedik, çig (ir-iýmiş hakda).
Gök erik.
Gök üzüm turşy bolýar.
Bakja ekini, ir-iýmiş, miwe.
Indi garyp-daýhan gök ekmek gerek. (Mollamurt, Saýlanan eserler)
Şäheriň töwereginde gök köp ekilýär.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem gök - göküm, göküň.
Gögerip görünmek.
[gö:k]
Gözýetimdäki howa giňişli, ýeriň ýüzünden görünýän atmosfera, asman.
Gökde kir-kimir ýok. Gök aşagymyza öwrüläýdimikä? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Gögüň ýyldyzlary balkyldap durýar. (A. S. Puşkin, Ertekiler)
Ýer gaty-da, gök ýyrak. (nakyl)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gök - gögüm, gögüň.
Hiç zatdan habarsyz bolmak, bir iş bilen, ýer bilen nätanyş bolmak.
Men raýona gelenimde, gökden düşen ýaly boldum.
seret dileg
Gökdäki dilegim ýerde gowuşdy diýsene! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
seret depe
Bu wezipe Annagulynyň depesini göge ýetirdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Dik ýokary göterilmek, beýgelmek.
Zähmetden köp zat döräp, Jaýlar diň göge galýar. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Oslamadyk, çak etmedik zadyň üçin geň galmak, alla-niçigsi bolmak.
Ofisiantka bu söze diň gökden geldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)