[gö:h]
Keýp.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem göh - göhüm, göhüň.
Keýpi gelmek, şatlanmak.
Bu duşuşyga Potdynyň nähili göhi gelse-de, adamçylygy öz häsiýetinden ileri tutdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Şeýle bir bolmasy waka bolaýsa, ondan soň obanyň gepçi aýallarynyň göhi gelýär. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Birleri meselä has aýdyň göz ýetirip, dogruçyl çözüji bolýar.