[gö:germek]
Ýere taşlanan tohumyndan şine ýaryp ýeriň ýüzüne çykmak, baldak çykarmak, tohum alyp ösüp başlamak.
Ozal bu aňňatda ýekeje-de gögerip oturan çöp ýokdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Orta boýly bugdaýyň içinde egri oragy aýlap salýan orakçy, selçeň gögeren günebakar bilen sandaşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Tohum al-da, ýere bar, gögermese, maňa gel. (nakyl)
Gök reňke öwrülmek, gök reňke meňzemek.
Sowukdan ýaňa elleri gögeripdi.
Teniňe zarba düşüp, gan öýmek.
Onuň gözüniň öňi gögeripdir.
[gö:gertmek]
Tohum aldyrmak, düýp tutdurmak, ösdürmek.
Bu erikleri biz ekdik, biz suw berdik, biz gögertdik.
Teniňe gaty zarba urup, gan öýdürmek.
Çekiç degip barmagymyzyň ujuny gögertdi.
Gepleşik dili Harydy degerli bahasyndan ýokary satmak.
Sen halyňy gögerdip bildiň-le!