Gelşiksiz, tagaşyksyz, uly.
Gorkusyndan ýaňa düýeleriniň gödensiz aýaklary bütin göwresine çenli saňňyldaýar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Bu keýwany aýallaryň bileklerinde gödensiz ýasalan gadymy bäşgoşma bilezik görünýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Onuň gödensiz ellerini göreniňde, ol hiç wagt hem haly çitip, nepis nagyşlar salan, däldir diýip pikir edersiň. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)