[gö:bek]
Çaga ene garnyndaka, ony enesi bilen birleşdirýän we iýmitlendirýän içege.
Goňşudan gelen gartaň aýal çaganyň göbegini kesdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Garnyň ortasyndaky kesilip daňlan düwün, içege düwni.
Seniň göbegiň gömlen ýaly, ömür içerde otyrsynň-la! -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem göbek - göbegi.
Ýaňy dogan çaganyň göbegini kesen aýal.
Öz ykbalyňy özüň çözmek, öz garyňa daýanyp gün görmek.
Ýetim oglan öz göbegini özi keser. (nakyl)