Ýaşlykda ene süýdünden mähri ganmadyk, açlyk zerarly kadaly ösmedik, boýuny-inini almadyk, bitmedik, ejiz (adam, haýwan hakynda).
Göýdük göwresindäki uly kellesi men-menlikden saňňyldaýardy. («Tokmak» žurnaly)
Ejiz gögeren, suwdan we ş. m. zatlardan horluk, mätäçlik çeken, boýuny alyp ösmedik (ösümlik hakda).
Keselli we göýdük ösen gozajyklardan tohum üçin pagta ýygylmaýar.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem göýdük - göýdügi.