Öý-öwzarlaryny, içeri goş-golaňlaryny ulaglara ýükläp, maşgalasy bilen bir ýerden başga bir ýere göçüp barýan ýolagçylar.
Gün agyberenden soňra, ol uly ýoldan aşak tarapa yzy üzülmän düýeli göçler geçip başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Iki göç -- bir talaň. (nakyl)
Küşt, şaşka, düzzüm ýaly oýunlarda oýunçynyň bir gezek edýän oýny, göçüm, göçer.
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem göç - göçüm, göçüň.
Gaty howlukmak.
Göçüň geçip barýan bolsa, gidip bilersiň.