gädik gä‧dik

  1. Haýat we ş. m. ýaly ýerlerde adam geçer ýaly gädilen ýer, geçelge.

    • Ol gädikden geçip, köçe baka gitmän, köne gorpa baka gaçdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Gelin bolmasak-da, gädikden garapdyk. (nakyl)

  2. Erňegi, gyrasy döwük, ýemrik.

    • Stýopka eline gädik çemçesini alyp, tüssäniň içinde gazanyň gapdalynda öz ornuna geçdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gädik - gädigi.


Duş gelýän formalary
  • gädige
  • gädigem
  • gädigi
  • gädiginden
  • gädigine
  • gädiginiň
  • gädigiň
  • gädikden
  • gädikdi
  • gädikdir
  • gädikler
  • gädiklerden
  • gädikleri
  • gädikleriniň
  • gädikleriň
  • gädikli
  • gädiklidir
  • gädiksiz