ezmek işlik

  1. Bir zady öllemek, öl etmek, bir zady suwa ýatyrmak, suwa salyp goýmak.

    • Ýok-ýok, soňky tüýkülik sakgal ezmez! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Irden gür ýagýan ýagyş eşikleri derrew ezýärdi. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

  2. Göçme manyda Rehimsiz gysmak, zulum, sütem bermek, hak-hukuksyz horlamak.

    • Ýadyňda dälmi, onuň Batraklary ezeni? (A. Kekilow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ezdi
  • ezdim
  • ezeli
  • ezen
  • ezendikleri
  • ezeni
  • ezer
  • ezerdi
  • ezerler
  • ezgin
  • ezip
  • ezipdi
  • ezipdir
  • ezipdirler
  • ezipler
  • ezjegi
  • ezjek
  • ezjekler
  • ezme
  • ezmedi
  • ezmegi
  • ezmegine
  • ezmegini
  • ezmegiň
  • ezmek
  • ezmekde
  • ezmekden
  • ezmeklige
  • ezmekligiň
  • ezmelere
  • ezmeli
  • ezmerin
  • ezmesin
  • ezmez
  • ezmezlige
  • ezmeýär
  • ezmäge
  • ezse
  • ezseň
  • ezsin
  • ezýän
  • ezýändigine
  • ezýänçä
  • ezýär
  • ezýärdi
  • ezýärler