eziz

[ezi:z]

Mähriban, mähirli, gadyrly, hormatly, gowy, ýagşy.

  • Eneler-de eziz çagalaryndan aýrylmajak bolup aglaşýardylar. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  • Men muny siziň ýaly eziz myhmanlar üçin saklaýaryn. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Oýlangyn, ezizim, gitmeli ugry. (A. Kekilow, Söýgi)

  • Ezizim, aglama, aglasaň erärsiň! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

eziz görmek

Ýagşy görmek, gowy görmek, mähirli garamak, gowy seretmek.

  • Hany, seniň seni öz janyndan eziz görýän enä bolan ynanjyň? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Akjagül eziz görýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

eziz tutmak

Gowy görmek, gowy saklamak.


Duş gelýän formalary
  • ezizden
  • ezizdi
  • ezize
  • ezizi
  • ezizim
  • ezizimiz
  • eziziniň
  • eziziň
  • ezizlem
  • ezizler
  • ezizlerim
  • ezizlerimiň
  • ezizlerine
  • ezizleriň
  • ezizliginiň
  • ezizlik
  • ezizmi