ezilmek işlik

  1. Bir zada suw degip çyglanmak, öl bolmak.

    • Daşardaky geýim-gejimler ezildi! -- diýip zeýrendi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Bitertip ösen selçeňsakgaly ýagşyň suwundan ezilmeginden başga ýarasy palçyga hem bulaşypdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Kömek ezilip, emma şähdaçyk geldi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Rehimsiz gysylmak, hak-hukuksyz horlanmak.

    • Men ezilmekden gaçyp, ilimi terk edip gaýtdym. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)


Duş gelýän formalary
  • ezildi
  • ezilen
  • ezilende
  • ezilenleri
  • ezilenleriň
  • ezilenokdy
  • eziler
  • ezilip
  • ezilipdir
  • ezilipdirler
  • eziljegini
  • ezilme
  • ezilmedik
  • ezilmegi
  • ezilmeginden
  • ezilmegine
  • ezilmegini
  • ezilmeginiň
  • ezilmek
  • ezilmekden
  • ezilmeklerine
  • ezilmeklik
  • ezilmez
  • ezilmezden
  • ezilmeýän
  • ezilmiş
  • ezilse
  • ezilsem
  • ezilsin
  • ezilýän
  • ezilýänleri
  • ezilýänleriň
  • ezilýänçä
  • ezilýär
  • ezilýärdiler