ezýet at

Fiziki ýa-da ahlaky, ruhy taýdan bolan horluk, gysylmaklyk, jebir, jepa, sütem, zulum.

  • Biz onuň üçin daýhana ezýet bermeris. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýogsam, siz onuň bedenine biraz ezýet berip, onuň özüne laýykly, has agyr jezadan gutararsyňyz. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)


Duş gelýän formalary
  • ezýetde
  • ezýetden
  • ezýeti
  • ezýetine
  • ezýetini
  • ezýetiň
  • ezýetler
  • ezýetlerden
  • ezýetleri
  • ezýetlerinden
  • ezýetlerine
  • ezýetlerini
  • ezýetli
  • ezýetsiz