ezýaka

Ýakasy iki egniň üstünden açylýan (köýnek).

  • Ol der bilen biraz saralan, ak ezýaka köýneginiň ýeňleri çermeşdirdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  • Gapynyň ýapyklygyna, töwerekde hiç kimiň ýoklugyna gözi ýetensoň, Salpa dyzanaklap, ata-babasyndan miras galan mähnet demir sandygyň ýanyna bardy-da, dyzyna ýetip duran ezýaka köýneginiň kisesinden iki sany açar alyp, ony açmaga durdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Oraz molla ýüzüni aşak salyp, ezýakasyna bukup otyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Onuň şu sypatyna ýaraşyp duran ezýaka ak köýnek bardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • ezýakasyna