etek e‧tek

  1. Geýimiň (köýnegiň) aşaky gyrasy.

    • Menem öň etegimi dişläp, olaryň yzyndan ylgadym. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Onuň telpeginiň etegi bilen maňlaýynyň aralygy örän gysby görünýärdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Bir ýeriň (ýurduň, giňişligiň, şäheriň).

    • Çeti, gyrasyna sepişip gidýän ýer.

    • Gumuň eteginde seleňläp durýardy. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

  3. Bir zadyň, beýikligiň düýbüne degip duran ýer, üsti.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem etek - etegi.

başyňy etegiňe salmak

seret baş 1

etegine daş salmak

Birine ýamanlyk etmegiň hyýalyna düşmek, ýamanlyk etmekligi göz öňünde tutmak.

  • Bu gün etegine salyp daşyny gelipdir üýtgedip öňki hyýalyn. (R. Seýidow, Goşgular)

etegiň daşyny dökmek

Göwnüňdäki kineli zatlary aýtmak, aýdyp içiňi sowatmak.

  • Sen özüňi horlaman, etegindäki daşyňa dök! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Aknabat etegindäki daşy dökmäň tärini tapmansoň, öz gyzyna töhmet ýapdy. (N. Pomma, Egri Eýikmez)

etek alty, ýeň ýedi bolmak

Aljyraňňy halda bolmak, howsala düşmek.

  • Bir gün ol etek alty, ýeň ýedi bolup, ellerini ýüzüne tutup geldi. («Ýaş Kommunist» gazeti)

  • Bagban etek alty, ýeň ýedi bolup, şahyň köşgüne tarap ylgady. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • etege
  • etegi
  • etegimde
  • etegimden
  • etegime
  • etegimi
  • etegin
  • eteginde
  • eteginden
  • etegindenem
  • etegindäki
  • etegine
  • etegini
  • eteginiň
  • etegiň
  • etegiňde
  • etegiňden
  • etegiňe
  • etegiňi
  • etekde
  • etekden
  • etekdäki
  • eteklerde
  • eteklerdäki
  • etekleri
  • etekleridir
  • eteklerinde
  • eteklerinden
  • eteklerindäki
  • eteklerine
  • eteklerini
  • etekleriniň
  • etekli
  • etekliler
  • etekliň
  • etekliňiziň