et et at

  1. Myşsanyň ady.

  2. Nahar taýýarlamak üçin haýwan läşiniň bölekleri.

    • Bu ýerde tüwi, ýag, et, käşir näçe diýseň bar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Oraz otaga girende, goýun etiniň ýakymly ysy burnuna urdy. (G. Gurbansähedow, Gar)

    • Aýsoltanyň: --Sen tüwüsini arassalaýançaň, men etini gowraýyn! -- diýesi geldi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Çaýyň gapdaly bilen Igli et dogramaga oturdy. (N. Pomma, Egri eýikmez)

agaç et

Syrdam görnüşli, semiz bolmadyk.

  • Agaç et burunlagrak Ata. (N. Pomma, Goşgular)

dişde et galmak

seret diş

  • Olaryň dişlerinde et galypdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Dişinde et galypdyr. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

etden düşmek

Horlanmak, arryklamak.

etden geçip, süňke ornamak

Janyňa degmek, gaty gaharyňy getirmek.

  • Etden geçip, süňke ornan. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Juda etimden geçip, süňküme ornansoň geläýdim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

eti gaçmak

Arryk düşmek, horlanmak.

etini iýmek

Igençli sözler aýtmak, agzyňa gelenini diýmek, käýinip, al-petiňden almak, azar bermek.

etiňe-ganyňa gelmek

Özüňi tutmak, fiziki taýdan oňat ýagdaýda bolmak, daýanmak.

  • Ertir gidip agşam gelýän Tulparyň şähdi açylypdyr, etiňe-ganyňa gelipdir. (B. Kerbabaýew, Jonnuk Batyr)

gulak etiňi iýmek (guratmak)

seret gulak


Duş gelýän formalary
  • et-de
  • etde
  • etdedir
  • etden
  • etdendir
  • etdi
  • etdigi
  • etdigim
  • etdigimiz
  • etdiginden
  • etdigine
  • etdigiň
  • etdigiňiz
  • etdik
  • etdikleri
  • etdikleriň
  • etdikmi
  • etdiler
  • etdilermi
  • etdim
  • etdimi
  • etdimikä
  • etdimmi
  • etdir
  • etdirler
  • etdiň
  • etdiňiz
  • etdiňizmi
  • etdiňmi
  • etdäki
  • ete
  • etem
  • eti
  • etidi
  • etidir
  • etim
  • etimden
  • etime
  • etimi
  • etimiz
  • etimizden
  • etimize
  • etimizi
  • etimiziň
  • etimiň
  • etin
  • etinde
  • etinden
  • etindenem
  • etindäki
  • etine
  • etinem
  • etini
  • etiniň
  • etiniňki
  • etiň
  • etiňde
  • etiňden
  • etiňe
  • etiňem
  • etiňi
  • etiňiz
  • etiňiziň
  • etiňiň
  • etler
  • etler-de
  • etlerde
  • etlerden
  • etlere
  • etlerem
  • etleri
  • etleridir
  • etlerim
  • etlerinde
  • etlerinden
  • etlerine
  • etlerini
  • etleriniň
  • etleriň
  • etli
  • etlidir
  • etlidirler
  • etlige
  • etlik
  • etlilere
  • etlileri
  • etliligi
  • etliliginiň
  • etlilik
  • etlisi
  • etmiş
  • etsiz