[esba:p]
Bir işi etmek, bir zady öndürmek, ýasamak üçin gural, serişde.
Tokar bilen Nökeriň ussaçylyk esbaplary örän ýagdaýlydy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Slesarçylyk esbaplary.
Bir zat üçin gerek bolan, üpjün edilýän zatlar, enjamlar.
Oňa laýyk täze esbap gerekdi. (Ş. Boržakow, Kaspi kenarynda)
Kagyzlaryny, ölçeg esbaplaryny goltugyna alyp, öýüne tarap ugran Efimowyň yzyna düşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bir zady öwretmäge gerek bolýan zatlar, enjamlar.
Okuw esbaby. Görkezme esbaplary.
Bezeg, eşik, geýim, enjam.
Iş geýimlerini çykaryp, toý esbabyna girýärdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Atymyň bolsa bütin esbabyna çenli alyp gidipdirler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Emläk, goş, zat.
Ol kem-kemden öý esbaplaryny satmaga başlaýar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem esbap - esbaby.