ertir

[erti:r]

  1. Şu günüň yzyndan gelýän gün; geljekki gün, indiki gün, erte.

    • Men şu günler gazy gazýan, ertir bar-da meniň çägimi almaga kömekleş. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Ertir, belki galanyny-da döwüp ýetişeris. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Ol ertir geler. (B. Gurbanow, Çarwa Mergeniň gürrüňi)

    • Bir-iki gün dem-dynç alyň, ertir kakam hem gelse gerek! (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  2. Günüň başlanýan wagty, ir bilen, irden.

    • Şähere tarap barýan ýük maşynlarynyň sesi ertiriň dym-dyrslygyny bozup, bütin obanyň içini ýaňlandyryp geçýär. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Ertir bilen gar ýagmaga başlady. (K. Jumaýew, Dört dogan)


Duş gelýän formalary
  • ertirde
  • ertirdedir
  • ertirden
  • ertirdi
  • ertirdigine
  • ertire
  • ertirem
  • ertiri
  • ertirimem
  • ertirimiň
  • ertirine
  • ertirinem
  • ertirini
  • ertiriniň
  • ertiriň
  • ertiriňi
  • ertiriňiz
  • ertirler
  • ertirlerim
  • ertirlerinden
  • ertirlerine
  • ertirlerini
  • ertirligi
  • ertirliginde
  • ertirligine
  • ertirligini
  • ertirliginiň
  • ertirligiň
  • ertirligiňi
  • ertirligiňizi
  • ertirlik
  • ertirlikden
  • ertirmi