erteki 1

  1. Folkloristika Köplenç jadyly we fantastik wakalary beýan edýän halk döredijilik eseri, hekaýa.

    • Ol gyzlara gyzykly erteki, matallar ýa-da özüniň başyndan geçirenlerini aýdyp berýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Onuň ünsüni başga bir ýana sowmak üçin gülküli ertekiler hem aýdyp berdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  2. Hakykat bolmadyk, toslama, ýalan zat.

erteki otarmak

Hakykat bolmadyk zatlary aýtmak, özüňden çykaryp aýtmak, toslap ýalan sözlemek.

  • Sen maňa erteki otarma-da, Öwezden habar ber! («Görogly» eposy)

  • Eje jan, sen meni çaga hasap edip, maňa erteki otarýarmyň ýa başga bir aýtjak zadyň barmy? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Sen erteki otarýarsyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

erteki 2

seret ertirki 1

  • Erteki gün hem geçdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • ertekide
  • ertekiden
  • ertekidigini
  • ertekidir
  • ertekidäki
  • ertekiler
  • ertekilerde
  • ertekilerden
  • ertekilerdi
  • ertekilerdir
  • ertekilerdäki
  • ertekilere
  • ertekilerem
  • ertekileri
  • ertekileridir
  • ertekilerimi
  • ertekilerimiz
  • ertekilerinde
  • ertekilerinden
  • ertekilerindäki
  • ertekilerine
  • ertekilerini
  • ertekileriniň
  • ertekileriň
  • ertekileriňem
  • ertekileriňizde
  • ertekili
  • ertekimi
  • ertekimiz
  • ertekini
  • ertekinimi
  • ertekiniň
  • ertekisi
  • ertekisinde
  • ertekisinden
  • ertekisindäki
  • ertekisine
  • ertekisini
  • ertekisiniň
  • ertekiň
  • ertekiňe
  • ertekä