entetmek en‧tet‧mek işlik

  1. Biriniň deňagramlylygyny ýitirtmek, ynandyrmak, entirekletmek, çaýkandyrmak.

    • Ýagyrnyňa degen taýak ony entetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Kündük ony egnine degip entetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýel onuň hereketini tesdirmäge ymtylýan ýaly, çenden entedýärdi. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  2. Göçme manyda Birini mal-mülksiz galdyrmak, garyp düşürmek, batyrmak.

    • Birini entetmek.

  3. Göçme manyda Horluk çekdirmek, kynçylyga sezewar etmek.

  4. Göçme manyda Bir zadyň ugrunda sergezdan etmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem entetmek - entedýär, enteder, entedipdir.


Duş gelýän formalary
  • enteden
  • entedip
  • entediň
  • entedýärdi
  • entetdi
  • entetdiler
  • entetjek
  • entetmek
  • entetmeli
  • entetseler