Heniz, häzir, şu wagt.
Emma Wepa entek kiçijikdi, onuň gözleri oýnap durýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Entek Gün Ýokary galmandy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
Ýöne weli, entek obadan çykyp gitjek däldigimi aýtdym. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Entek otur-da, bir nahar edin! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem entek - entegi.