entejik en‧te‧jik

  1. Azajyk wagt, bir salymjyk.

    • Goý, başgalar işlesin, men etnejik ýataýyn! (G. Seýitliýew, Goşgular)

    • Bu gyz-a entejik eglense gerek! (A. Kekilow, Söýgi)

  2. Bir azajyk, köp däl, sähelçe.

    • Barja pullarymy berdim, entejik ýetmedi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Günüň ýaşaryna entejik salym bardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem entejik - entejigi.


Duş gelýän formalary
  • entejikler