enjam

[enja:m]

  1. Bir zat etmek üçin gerek bolýan abzallar, iş gurallary.

    • Soňra operasiýa üçin zerur bolan enjamlary taýýarlamagy öz kömekçisine buýurdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Senagat enjamlary.

  2. Hojalykda ulanylýan zatlar, gurallar.

  3. Kynçylykdan, kyn ýagdaýdan çykmaklyk alajy, bir işi amala aşyrmagyň çäresi.

    • Gaçmaklykdan başga tapmaz enjamy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýöne indi tizräk oba ýetmäniň enjamyny etmek gerek! -- diýip, ýaňadandan gürrüňi dowam etdi. (B. Seýtäkow, Kümüş)


Duş gelýän formalary
  • enjama
  • enjamda
  • enjamdaky
  • enjamdan
  • enjamdyr
  • enjamlar
  • enjamlara
  • enjamlarda
  • enjamlardaky
  • enjamlardan
  • enjamlardyr
  • enjamlary
  • enjamlarydyr
  • enjamlarymyzy
  • enjamlaryna
  • enjamlarynda
  • enjamlaryndaky
  • enjamlaryndan
  • enjamlaryny
  • enjamlarynyň
  • enjamlaryň
  • enjamlaryňyzdaky
  • enjamlaýyn
  • enjamly
  • enjamy
  • enjamydyr
  • enjamyna
  • enjamynda
  • enjamyndaky
  • enjamyndan
  • enjamyny
  • enjamynyň
  • enjamynyňky
  • enjamyň
  • enjamyňky
  • enjamyňy
  • enjamyňyz
  • enjamyňyza