Kakanyň ejesi.
Ejem, bajym, garry enem guwanyp, Öpdüler gujaklap, aýdaryn saňa. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Çaganyň ejesi.
Oglum, eneň ikimize kitap okap berer ýaly seni molla bermekçi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Bir seniň garry eneň öz öýüni saklap otyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Owlak, guzy we ş. m. dogran mal.
Owlak enesini emýärdi.
Birnäçe gezek döle gelen, guzlan mal.
Ene sygyr.
Ruhy taýdan endik etmek boýunça özüňki, özüňe degişli.
Men söýýärin ene ýurduň çasly akýan çaýlarny. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Öz zähmeti siňen, kişi goşandy bolmadyk, hut özüniňki, ogurlyk däl.
Ene süýdünden halal, şu günüň özünde men size bir horjun pul eltip bereýin! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Men hiç kimiň malyny talamok, men ata-babamdan galan, ene süýdünden halal öz zähmet hakymy ele saldym. («Türkmen pýesalary»)
Dünýä inmek.
Baryp ýatan, bütinleý, bütin ömründe şeýle, hemişe, mydama.