Birine, köpçülige degişli bolan zat, mal-mülk, baýlyk.
Emma welin, Türkmen obalarynyň emläk deňsizligi göz-görtele görünýärdi. («Mugallymlar» gazeti)
Kärizdäki emläginiň ýanýan sesi gulagyna ýeten badyna, Gulman arçyn ylgap eýwana çykypdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Artykjan, meniň bütin emlägim seniňki! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem emläk - emlägi.
Patyşanyň garamagynda, ygtyýarynda bolan mülk, ýer we ş. m. zatlar.