Zähmet çekmek, azap çekmek, kynçylyk görmek.
Bular emgenmegi kyn görýärler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Az hem däl, emgenesleri gelmeýär. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ol altmyş ýaşan-da bolsa, daýhançylygyň agyr işlerini-de emgenmän edip bilýärdi. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)
Emgenseň, emersiň. (nakyl)