Fiziki ýa-da ruhy taýdan bolan horluk, azap, jebir, jepa, sütem, kynçylyk, zähmet.
Meni diri äkitseň, emegiň ýerine düşer. («Görogly» eposy)
Biziň emgegimiz haýyp bolaýjak ýaly görünýär. («Görogly» eposy)
Emgegiň siňmedik tylladan geçgin! (B. Kerbabaýew, Saýlanan eserler)
Olar nähili çalyşsalar-da, nähili emgek çekseler-de, şol günüň haýsy gündügini ýatlaryna salyp bilmediler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Uzyn zähmetiň, agyr emgegiň hasyly bolan sary bugdaý samandan saýlanýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Aýaklarym gan-gabarçyk, Entäp-entäp emgek çekdim. (B. Kerbabaýew, Poemalar)
Kesel, dert, agyry.
Gurçugymyza bir emgek sataşdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Hüňkar patyşa Jygaly begiň gapdalyndan emgek bolup sataşdy. («Görogly» eposy)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem emgek - emgegi.
Başa iş düşmek, bir zada sezewar bolmak.
Garaz, başyňa iş düşjek bolsa, kyn däl eken. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Emgek diýeniň göz bilen gaşyň arasynda bolar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Emgek göz bilen gaşyň arasynda diýen ýaly, ýalňyşlyk özüni bizden entek uzak saýlanok. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)