emeldar e‧mel‧dar

[emelda:r]

  1. Wezipeli, wezipesi bolan; çinownik.

    • Ony köşgüň emeldarlary ugratdylar. (B. Seýtäkow, Gyz salgydy)

    • Emeldarlar degim degen ýaly, ondan oňa at çapýarlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bular, emiriň öz emeldarlaryna ýazan gizlin permanlary bolara çemeli, bulary men hak ýerinden ele saldym. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Hünärli, hünäri bolan ussa; iş başarýan, edenli.

    • Ilde senden hem uly emeldar ýigit gyt däldir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • emeldara
  • emeldarlar
  • emeldarlara
  • emeldarlaram
  • emeldarlarda
  • emeldarlardan
  • emeldarlardy
  • emeldarlary
  • emeldarlarydy
  • emeldarlarymyz
  • emeldarlarymyzyň
  • emeldarlaryna
  • emeldarlarynda
  • emeldarlaryndan
  • emeldarlaryny
  • emeldarlarynyň
  • emeldarlarynyňam
  • emeldarlaryň
  • emeldary
  • emeldaryna
  • emeldaryndan
  • emeldaryny
  • emeldarynyň
  • emeldaryň