Hilegärlik, mekirlik, ýeserlik, aldaw.
Onuň bu emeli birinjiden özüni duşman edip görkezse, ikinjiden onuň janly güýjüni ysgyndan gaçyrmak üçin uly serişde boldy. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
Bir ýerde emel bar bolsa, hemmesi edildi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Bir zady amala aşyrmagyň, kynçylykdan çykmagyň täri, ýoly, usuly.
Şoňa görä-de başga bir emel oýlap tapmak gerekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Söweş emelini bilip almaly. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Men saňa bir emel öwredeýin. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Türkmen göreşinde pälwanlaryň ulanylýan tilsimleri.
Matematiki hasaplamanyň esasy görnüşi.
Arifmetikanyň dört emeli.
Döremek, ýüze çykmak, peýda bolmak, hasyl bolmak;.
Gögermek, bitmek.
Ol ýerde ýazlyk bugdaýdan başga düme künji, nohut we gawun-garpyz ýaly ekinler-de emele gelýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Öz eden pyssy-pujurçylygy üçin özi günäkär bolmak, özi zyýan çekmek.