em 1

  1. Keseli bejeriş serişdesi, çäresi, derman.

    • Ol, keseliň emini salgy berip gutaran eken. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

    • Oglum, hiý muňa em salgy bererligiň ýokmy?! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Başga nähili em barka?! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  2. Göçme manyda Kynçylykdan, agyr ýagdaýdan çykmaklyk çäresi, täri, alajy.

    • Onuň edeni em bolmalydyr diýýän sözlerine-de biraz imrindi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Henize çenli em tapyp bilmän gelýärler. («Tokmak» žurnaly)

em etmek

  1. Keseli bejermek, birini keselden gutarmak üçin medisina serişdelerini ulanmak, keseliň garşysyna çäre görmek.

    • Muňa näme em etmeli bolarka?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Tizräjik em etsin. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Kynçylykdan çykarmak, çäresini tapmak, agyr ýagdaýdan gutarmagyň alajyny etmek.

    • Daýhanyň ýarasyna em etmek ýerine, Gulluhan ýalylar ony gaýta talady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Sen maňa derýada suw hödürleme-de, eliňden gelse, derdime em et! (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

em 2

«M» harpynyň ady.


Duş gelýän formalary
  • emden
  • emdi
  • emdim
  • emdir
  • emdirmi
  • emdiň
  • eme
  • emem
  • emi
  • emim
  • emin
  • eminden
  • emine
  • eminem
  • emini
  • emini-de
  • eminiň
  • emiňi
  • emler
  • emlerden
  • emleri
  • emlerini
  • emleriniň
  • emleriň
  • emli